Sözlük bilen söhbetdeşlik

 

1.Garamak-bakmak,seretmek,äňetmek,gözlemek,göz-gulak bolmak, göz atmak,göz gezdirmek,göz aýlamak, gözden geçirmek,gözden salmak,gözegçilik etmek...

Ol penjireden ogryn garady.

Sen oňa seretme,bäriňe gara.

Seniň ýoluňa garap,halys boldum.

Ýygnakda bu meselä hem gararys.

Meret myhmanyň ýüzüne garady.

Garamak işligi “garakdiýen at bilen hem baglanyşyklydyr.Bu söz örän gadymy türkmen sözleriniň biridir.Garak “göz” diýen manydadyr.Ol üç sany bölümden durýar:1.gara garak,2.ak garak,3.ot garak.Türkmen dilinde garak bilen baglanyşykly birnäçe durnukly aňlatmalar hem ulanylýar.

 

2.Çäkmendüýe ýüňünden dokalyp tikilen içliksiz uzyn geýim.

3.Çaryk düýe we sygyr hamynyň örän pugta we çydamly ýerinden tikilen ökjesiz aýaga geýilýän gap.

4.Aýakýoly –belli bir hajat üçin gidilýän ýer,hajathana.

 

        Mysal:Meret-de turup,çäkmenini   egnine ýasgynjak alyp,çarygyny aýagyna goldaň sokup,aýakýoluna gitdi.(Agahan Durdyýew)

 

 

uýan ,gamçy we irişme (žurnalyň daşyndaky surat)

 

1.Uýangaýyşdan tikilen we atyň  kellesine geýdirmek üçin ulanylýan esbap.

2.Gamçyaty sürmek üçin agaçdan edilen sapjagaza berkidilip ýasalan gaýyş örmesi.

3.Irişmeuýana ýa-da kellekä baglanyp,atyň,eşegiň alkymyndan salynýan gaýyş(zynjyr).

 

Mysal: Nurmyrada garap:-Jigi,bu ýabynyň uýany bilen gamçysyny ber,men şu taýyk gyssag baryp geljek-diýeninden,Nurmyrat tama girip,tamyň dulundan uýan bilen gamçyny alyp berdi.Meret ýabynyň uýanyny salyp, irişmesini külterläp,eýeriň gaşyndan asdy-da,ýüzüniň ugruna münüp,şähere depdi (Agahan Durdyýew)

 

 

H A L -?

 

1.hal-adamyň bedeninde,ýüzde,ýaňakda bolan garaçyk,meň.

 

Ýaryň katdynda dal bolsam,

Ýüzüne goşa hal bolsam,

Ýa bir kirmany şal bolsam,

Senem çalsa,billerine!(“Şasenem-Garyp”dessany)

 

2.hal-ýagdaý,ahwal,ahwalat,durmuş,gün-güzeran.

 

Hassanyň haly nähili?Ene-ataň halyndan habar alýarmyň?

 

3.hal-grammatik termin;işliklere baglanyp,köplenç gymyldy-hereketiň hilini,wagtyny,ýagdaýyny aňladýan,ugruny görkezýän söz ýa-da sözler.

 

Ol okuwa irden gelerdi.Meret çaltlyk bilen  çykyp gitdi.

 

OBA GÖÇMEK-?

 

Oba göçmek-zamana,döwür täzelenmek,durmuş özgermek,döwran üýtgemek.

 

Mysal:-Tapdyň bu ýerde ernisuwlyny,seniň  “git” diýeniňde,gidip, “gel” diýeniň gelip ýörlen wagtdan oba göçdi.(Agahan Durdyýew)

 

                                                           SYPAT  - ?

 

1.Sypat-

 

 

1.Gaýym=pugta,mäkäm,berk,bek,gurat,ykjam;tutanýerli,işeňňir.

 

Bibä bir gul gerek hyzmata  gaýym.

 

1.Gaýyş=teletin,kemer,guşak,bil çeki,ýüp.

2.Gaýyş=belke,unaş,gulak,hamyrdan edilen aş.

3.Gaýyş=ýylan,köplenç gije “ýylandiýilmän şol söz(gaýyş)diýilýär.