1-NJİ SAPAK   (UNIT 1)

 

GEPLEŞİK (CONVERSATION)

 

                                                                             SALAMLAŞMAK

 

 

Not: Sözleýji -(S), diňleýji-(D). Sözler  köplenç gepleşik üçin geçerlidir,ýazuw üçin ýörginli däldir.

 

Türkmençe salamlaşmada iň köp ulanylýan sözleriň husgalary:

 

S: Salam!

D: Salam!

 

S: Salawmaleýkim!

D:Waleýkim!

 

S:Essalawmaleýkim!

D:Waleýkimessalam!

 

 

1.Tanyş we ýaşy özünden has uly bolan diňleýjä berilýän salam:

 

S: Essalawmaleýkim!                           aş kiçi aýdýar)

D: Waleýkimessalam!                          aşy uly jogap berýär)

 

Nusgalar:

 

S:Essalawmaleýkim,Serdar aga!

D:Waleýkimessalam,Çaryýar jan!

 

S: Serdar aga,essalawmaleýkim!

D: Çaryýar jan,waleýkimessalam!

 

 

 

 

S: Essalawmaleýkim,Atagelli aga ! (ýaş kiçi)

D: Saglykmy,Çaryýar jan?Gurgunmyň?

 

S: Essalawmaleýkim,Atagelli aga ! (ýaş kiçi)

D:Amallykmy,saglykmy,inim?

 

S: Essalawmaleýkim,Atagelli aga ! (ýaş kiçi)

D:Saglykmy,mallykmy(amanlykmy),inim !

 

S: Essalawmaleýkim,Bibi gelneje!

D: Aleýkimessalam,Aman jan!

 

S: Bibi gelneje , essalawmaleýkim!

D: Aman jan , aleýkimessalam!

 

 

Eserden nusgalar:Meret onuň işigine baryp:- Salawmaleýkim!-diýdi.Tamyň gapysynda ýazylan keçäniň üstünde tirsegi ýassykly,keserip,çaý içip oturan Nurgeldi:-Waleýkim, gel,Meret jan!Düşek üstünden otur!-diýip,dikeldi-de, ýassygy Merede garşy oklady.(Agahan Durdyýew)

 

Annaguly aňyrdan başy papakly,egni harby geýimli,aýagy ädikli,gapdaly gylyçly ýylgyryp geldi-de, salam berdi.Mergen aga:

-Saglykmy,Annaguly,amanlykmy?Tüweleme,sen-ä adam bolaýypsyň! Hakyt bolýar,örän gowy-diýip tassyklady.

-Saglyk,Mergen aga!(Agahan Durdyýew)       

 

 

 

 

 

 

 

 

 

S:Salam, eziz, çagalar!

D:

 

S: Salam, eziz, körpölör!

D:

 

S: Salam, mähriwan ýaşlar!

D:

 

S: Salam, hormotly okuwçulor!

D:

 

S: Salam, gadyrly myhmallar!

D:

 

S: Salam, gadyrly illeşler!

D:

 

S: Salam, hormotly owodoşlor!

D:

 

S: Salam,mähriwan pagtaçylar!

D:

 

S: Salam,mugollum!(mollum!)

D:

 

S: Salam, eziz esgerler!

D:

 

S: Salam,mähriwanym!(gadyrdanym,ezizim, eje janym, kaka jan, oglum,gyzym,söwör dossum....)

D:

 

 

S: Salam!

D: Salam!

 

S:Siz wilen tanyşmak mümkünmü?

D:Baş üssünö!(Elwetde...)

 

S:Meň adym Oguz.Siziň adyňyz?!

D:Maňa Ata diýýärler(Meň adym Ata)

 

S:Ata,men otuz ýaşymda.Siz näçe ýaşyňyzza?!

D:Men ýirgim mäşimde.

 

S:Ata,onno men size “sen” diýip ýüzlensem moljok-da?!

D:Elwetde,Oguz,siz maňa “sen” niýip ýüzleniň!Baş üssünö,men yrazy.

 

S:Ata,men mugollum,seň näme käriň bar?!

D:Men gurluşukçy.

 

S:Men Türkmenissally,sen nireli?

D:Men Türküýeli.Ankarada ýaşaýan.

 

S:Sen Türkmenissanna bolluňmy?!

D:Ýok,men Türkmenissana gidip görmödüm.

 

S<>D,D<>S

 

S:Oguz,siz Türkiýä haçan gelliňiz?!

D:Men Türkiýä  ötön ýyl gellim.

 

S:Ýaşamak üçün nirde galýňyz?!

D:Men “Mollumlor öýünnö” ýaşaýan.

 

S:Nähili Türkiýäni haladyňmy?!

D:Diýseň haladym,örän ajaýyp ýurduňuz bar.Şäherleri owodon,özöm arassa.

 

 

Gepleşigi özbaşdak gaýtalamak üçin nusgalar:JOGAP BERİŇ!

 

S:Geliň,tanşalyň.Meniň(meň) adym Berdi.Siziň adyňyz kim?

D:Meniň(meň) adym......................

 

S:Men Türkmenissanna dogullum.Siz nirede(nirde) dogulluňuz?

D:Men ...................... dogullum.

 

S:Meniň kärim mugollum.Siz näme işleýäňiz?!

D:Men ...................................... Men hem ................. çylyk(çilik) edýän.

 

S:Siz näçe ýaşyňyzza? Men kyrk bäş ýaşymda.

D:Men............ ýaşýmda. Meň ................ ýaşym mar.

 

S:Siziň kakaňyz barmy? Siziň kakaňyz bamy?

D:Hawa,meň kakam mar.Ýok,meň kakam ýok.Ol ....... ýylla ýogolly.

 

S:Siz nirde ýaşaýaňyz?Men Aşgawatda ýaşaýan.

D:Biz ................. ýaşaýas. Men ................. şäherinne ýaşaýan.

 

S:Siz türkmençe öwrönmök isleýäňizmi?

D:Hawa,biz (men) türkmençe öwrönmök isleýäs(isleýän).

 

 

S:Siz türkmençe salamlaşma dügünlerini (düzgüllörni) bilýäňizmi?

D:Gynansak-da doly bilemok.Ýöne bilmek isleýän.

 

S:Türkmenler(türkmeller) örän edepli salamlaşmagy halaýannyr.Özüňden ula tanşu-nätanyş hökmän salam bermelisiň.Nädipmi? Eger ýaşuly bolso,onno hökmän şu sözlöri aýtmaly:

 

S1.”Essalawmaleýkim!”

S2.”Essalawmaleýkim,ýaşuly!”

S3.”Ýaşuly,essalawmaleýkim!”

S4.”Salawmaleykim,ýaşuly!”

 

Eger ýaşuly size öň tanyş bolso,onno hökmän salamlaşmada oň adyny getiriň.Mysal üçün,şeýle nusgolor berip bileris:

 

S1:”Ýusup aga,salawmaleýkim!”

S2:”Essalawmaleýkim,Sary aga!”

 

Ynha,şu berlen mysallardan birini aýdyp, soňro iki eliň bilen görüşsöň ,türkmen salamlaşmasy bilen aksakgallaň göwnüni awlap bilersiňiz.

 

S:Ýene bir esasy zady aýdaýyn.Eger bir öýö barsaňyz,öýüň içinne hiç kim molmoso-da, şol öýüň hormoty üçün oňo salam berseňiz,awraýňyz has beýgeler.Muny ýaşullor görsö,sizi diýseň edepli hasaplarla.Bu bir gadymdan gelýän däp-dessurydyr,türkmenleň.

 

Türkmen ýaşulsy köplenç nätanyş  çagalara ýa-da ady ýadyna düşmedik wagty “köşök,köşögüm,guzym,balam, çagam,iner,inerim,bally,baljan,adyňdan aýlanaýyn,döneýin.......” ýaly birnäçe süýjü sözlöri ulonýar.Bu sylanyşygyň iki taraplydygny görközýär.

 

 

S:Arma!Armaň!Armaweri!Armaweriň!Arma-da!Armaň-da!

 

D:Bar bol!Bar boluň!Bar bolaweri!Bar bolaweriň!

 

Mysallar:-Armaweri,Meret han!-diýdi.Meret kätmenini elinde saklap:

-Bar bol,Mämmet jan,özüň arma-da?

-Bar bol!-diýdi(Agahan Durdyýew)

-Armaweri,Meret jan,işler bilen nädýärsiň?-diýip,söz açdy.

-Bar bol,işler bilen hem häli aldym-da,şindi aldymdyr(Agahan Durdyýew)